Загрузка страницы

Turkmenistan: Lebapdan 66 Aýal, Daşaguzdan 6 We Marydan 13 Erkek Kişi Tussag Edildi | Туркменистан

Habarlaşyň:
turkmenyurttv@gmail.com
Tel: +420775503059

Туркменистан: 66 Женщин Из Лебапа, 6 Мужчин из Дашагуза и 13 Мужчин из Мары Арестованы

Salam, hormatly türkmenistanlylar!

Bize mälim bolşuna görä, biziň haýyş edenlerimizden, tussaglykdaky aýallаry boşadypdyrlar. Indi eşidip otursak, bu welaýatda 27-nji aprelde bolan tebigy betbagtçylykdаn öň 66 aýaly tussag edipdirler. Olardan iki aýal – Penjiýewa Gülzada hem Joraýewa Dinara un hem çörek talap edendikleri üçin saklanypdyr.
Elbetde, olaryň gygyrjagy belli zat, belki, göreşerlerem, sebäbi olar maşgala eklemeli, öz garrylaryna, çagalaryna seretmeli, munuň boljagy tebigy şert. Ýöne olara garşy görlen çäre düşnüksiz.
Şol aýallaryň ählisini ýygnap, Türkmenabat şäherindäki Milli howpsuzlyk ministrligiň jaýynda saklapdyrlar. Bu bolan zatlaryň barysynyň guramaçysy hökmünde ol iki aýal Penjiýewa Gülzada bilen Joraýewa Dinaranyň üstünden, jelepçilikde aýyplanyp, jenaýat işi açylypdyr.
Men milli howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine ýüzlenýärin; siz nähili düzgüne görä ol aýallaryň üstünden beýle jenaýat işini açýaňyz? Olary amana getirjek bolýaňyzmy? Şol madda bilen olara näçe ýyl bermekçi bolýaňyz? Siz olaryň boýnundan nähili maddany asjak bolýaňyz, olar özlerine günübirin gerekli zady talap edip çykany üçinmi? Beýle kadadan çykmaga kim size hukuk berýär? Siziň aýal maşgalany, enäni hem biriniň doganyny kemsitmäge näme hakyňyz bar? Beýle kanunsyzlyk Türkmenistanda haçana çenli dowam eder?
Meniň özüm hem ol ýoldan geçdim. Siz 2006-njy ýylda Milli howpsuzlyk ministri Aşyrmuhammedowyň görkezmesi bilen meniň garşyma şeýle administratiw çäräni gördüňiz, iş açdyňyz hem maňa jerime töletdiňiz, hamana men gullugyna topulanmyşym. Ol dokumenti men görkezip bilýän.
Siz sebäpli men öz aýal doganym bilen birlikde ýurtdan çykyp bilmän oturdym, hamana biz ýurduň milli howpsuzlygyna howp salýarmyşyk. Inidi siziň ol oýnuňyz ýöremez.
Bize o wagt kyn bolupdy, biz ýurduň içindedik, ol wagtlar biziň hukuklarymyzy gorap biljek guramalaryň bardygyndan habarsyzdyk. Indi bolsa ol aýallaryň arkasynda biz bar.

Men hem öz gezegimde sizi ynandyraýyn, saklananlaryň ählisiniň atlary BMG-niň Aýallaryň işi baradaky komitetine gider. Ol aýallara garşy bikanun hereket etmäge biz size ýol bermeris. Biz şeýle hem ol haty beýleki halkara hukuk goraýjy guramalara ibereris.
Men size ynandyraýyn, indi gürrüň başgaça bolar, sizi-de düzgüne saljak tapylar.

Hormatly zenanlar, garyndaşlar, men size ýüzlenýän, gorkmaň, öz atlaryňyzy bize beriň we özüňize degişli maglumatlary bize iberiň. Biz ony halkara guramalaryna ugradarys hem meseläni çözeris. Siziň üstüňizden kemsidiji zat etmäge hiç kime ýol berilmez, halkara guramalary Türkmenistanyň hökümetine täsir edip bilýär. Eger kimleriň üstünden bikanun hereketler edilýän bolsa, olar baradaky doly maglumat berilse, olar siziň eliňizden sypyp bilmez.
Adamlar geçen 30 ýylyň dowamynda ol hökümete täsir edip boljagyny ýatlaryndan çykardylar. Ýöne oňa täsir etmek üçin jebir çekýänleriň fakty gerek, takyk adam atlary gerek. Şeýle hem sülçüleriň familiýalary gerek. Ýurtda bolup geçýän bidüzgünçilikleriň subutnamalary gerek.

Şol aýallardan daşary-da, Daşoguz welaýatynda erkek adamlar hem saklanypdyr, olar 6 adam. Olaryň atlaryny ýatdan bilemok, şonuň üçin okap bereýin. Olar Orazmuhammedow Maksat, Nurmyradow Gurbandurdy, Orazmuhammedow Röwşen, Döwletdurdyýew Alty, Şamamedow Gylyç, Nuryýew Döwletgeldi.
Olary saklan kapitan Gurbangeldiýew bolmaly, ol özüni welaýatyň häkimi derejesindäki adam hasap edýär. Görýäňizmi, ol islänini edip bilýär.
Men size hem ýüzlenýärin, ol adamlar diňe Hudaýýoly bermekçi bolup, Lebap welaýatyna azyk önümlerini äkidipdirler. Olary saklamaga näme hakyňyz bar? Sebäbi olaryň elinde zat bolany üçin, siz ony almak islänsiňiz? Hökümet kömek bermek islemeýär, adamlar bolsa goňşularyna ýardam bermek isleýärler. Adamçylygyny görkezjek bolupdyrlar. Bu eýsem hökümete garşymy? Siz, belki, olara-da bir madda ýelmärsiňiz? Muny siz başarýaňyz.
Biz ol familiýalary hem halkara guramalaryna berdik, indi ol oglanlaryň işi bilenem gyzyklanarys. Biz muny size ynandyrýas.
Türkmenistanda hiç kim siziň bikanun hereketiňizden ejir çekmez.
Men, adamlar, size ýüzlenýän! Siz atlaryňyzy beriň, biz bidüzgünçilige garşy göreşip bileris.

Şeýle hem Mary welaýatyndan-da şuňa meňzeş maglumatlar bar, ol ýerde 13 adamy saklapdyrlar. Biz bu mesele bilenem gyzyklanarys. Şonuň üçinem siz gorkmaň. Siz göreşmeseňiz, siz öz ýagdaýyňyz barada instansiýalara ýüzlenmeseňiz, ol ýüzlenmeleriň nusgalaryny bize ibermeseňiz, hiç bir zat başa barmaz.
Siz gorkmaň, ol nusgalary iberiň, biz siz bilen bilelikde ýeňeris hem ýaramazlygyň köküni köwläris.
Halkyň haky bar!
-------------------------------------------------------------------------

Telegram Channel 📧
https://t.me/Turkmenyurttv

Website:🌐
https://www.turkmenyurt.tv

Facebook:
https://www.facebook.com/turkmenyurttv

OK.RU 🆗
https://www.ok.ru/turkmenyur

VK.RU
https://vk.com/turkmenyurttv

Видео Turkmenistan: Lebapdan 66 Aýal, Daşaguzdan 6 We Marydan 13 Erkek Kişi Tussag Edildi | Туркменистан канала Turkmen Yurt Tv
Показать
Комментарии отсутствуют
Введите заголовок:

Введите адрес ссылки:

Введите адрес видео с YouTube:

Зарегистрируйтесь или войдите с
Информация о видео
11 мая 2020 г. 20:05:10
00:07:16
Другие видео канала
Turkmenistan Диктатура Харамдага Бердымухамедова Будет Выполнять Наши ТребованияTurkmenistan Диктатура Харамдага Бердымухамедова Будет Выполнять Наши ТребованияTurkmenistandaky Prezident saylawlary barada. 5-nji bap.Turkmenistandaky Prezident saylawlary barada. 5-nji bap.Интервью Гельды Кяризова с Радио Азатлык - Туркменский ЯзыкИнтервью Гельды Кяризова с Радио Азатлык - Туркменский Язык#turkmenistan #turkmen Haramdag Berdymukhamedov Tupan Turkmenistan#turkmenistan #turkmen Haramdag Berdymukhamedov Tupan TurkmenistanTurkmenistandaky Prezident saylawlary barada. 3-nji bapTurkmenistandaky Prezident saylawlary barada. 3-nji bapТуркменистан Борьба Народа Против Клана БердымухамедовыхТуркменистан Борьба Народа Против Клана БердымухамедовыхTurkmenistan Berdimuhamedow Urugy Lebap Welaýatynyň Ilatyny KemsidýärTurkmenistan Berdimuhamedow Urugy Lebap Welaýatynyň Ilatyny Kemsidýär#turkmen #turkmenistan Жил По Законам Военной Демократии#turkmen #turkmenistan Жил По Законам Военной Демократии#turkmenistan #turkmen Geldi Kyarizov -  Haramdag Berdymukhamedov Serdar Sychak#turkmenistan #turkmen Geldi Kyarizov - Haramdag Berdymukhamedov Serdar SychakTurkmenistan Serdar Syçak Tutuş Ýurt Boýunça Barlag Polisiýa Postlaryny Gyssagly KöpeldýärTurkmenistan Serdar Syçak Tutuş Ýurt Boýunça Barlag Polisiýa Postlaryny Gyssagly Köpeldýär#turkmen #turkmenistan Haramdag Berdymukhamedov we Serdar Sychak | Гельды Кяризов Наставник#turkmen #turkmenistan Haramdag Berdymukhamedov we Serdar Sychak | Гельды Кяризов НаставникПреследования Гражданского Общества в Туркменистане - Юлия Серебрянник на Заседании ОБСЕПреследования Гражданского Общества в Туркменистане - Юлия Серебрянник на Заседании ОБСЕ#turkmenistan #turkmen Watandašlar - Haramdag Berdymukhamedov Diktator#turkmenistan #turkmen Watandašlar - Haramdag Berdymukhamedov DiktatorТуркменистан Харамдаг Обязан Бесплатно Обеспечить Хлебом Мукой Сахаром и Мясом Бедное НаселениеТуркменистан Харамдаг Обязан Бесплатно Обеспечить Хлебом Мукой Сахаром и Мясом Бедное НаселениеTurkmenistan Geldy Kyarizov Türkmenistanyň Güýçli AdamlaryTurkmenistan Geldy Kyarizov Türkmenistanyň Güýçli AdamlaryTurkmenistan Talyplara Maddy Taýdan Goldaw Bermäge We Ýurtda Iş Ýerleri Bilen Üpjün Etmäge BorçludyrTurkmenistan Talyplara Maddy Taýdan Goldaw Bermäge We Ýurtda Iş Ýerleri Bilen Üpjün Etmäge BorçludyrTurkmenistan Türk Howa Menzilindäki Dawa, Adamlar Haramdag Urugyna  $3000 Tölemek IslemeýärlerTurkmenistan Türk Howa Menzilindäki Dawa, Adamlar Haramdag Urugyna $3000 Tölemek IslemeýärlerTurkmenistan Как Семья Харамдага в Туркменистане Эксплуатирует ЖенщинTurkmenistan Как Семья Харамдага в Туркменистане Эксплуатирует ЖенщинTurkmenistan Haramdag Berdimuhamedow Daşary Ýurtlara Kömek Edýär, Emma Halkyndan Bizar ТуркменистанTurkmenistan Haramdag Berdimuhamedow Daşary Ýurtlara Kömek Edýär, Emma Halkyndan Bizar ТуркменистанГолос Страданий Туркменистана - Интервью Гельды КяризовГолос Страданий Туркменистана - Интервью Гельды КяризовTurkmenistan Haramdag Berdimuhamedowyň Rejimi, Agtyklaryň Alimenti  Diýip Pensionerleri TalaýarTurkmenistan Haramdag Berdimuhamedowyň Rejimi, Agtyklaryň Alimenti Diýip Pensionerleri Talaýar
Яндекс.Метрика