Загрузка страницы

Eýran Türkmensahra Türkmenleri taryhy

Eýran Türkmenleri

Eýran çäginde Türkmenler bilen garyndaşlyk içinde bir näçe Türki milletler bilen bilelikde 3 milýony aşgyn öz Türkmen gandaş garyndaş doganlarymyz bardyr. Olaryň ýaşaýan bölgesine Pars çeşmesinde Deşt-e Gorgan diýilse-de bu Türkmenleriň arasynda Türkmensahra diýip atlandyrylyp gelýär. 16.375 km^2 meýdana barabar bu mekan Gülüstan welaýatyna degişli bolup durýar. Türkmensahra Türkmenleri Oguzhanyň Salur, Imur, Dodurga boýlaryndan gelip biz olary Gökleň, Ýomut we Teke diýip tanaýarys.
Rus Patyşalygy bir iki gezek ýeňilişden sonra hile ýoly bilen 1881-nji ýylda Gökdepe galasyny basyp alýar we Eýran bilen şol ýylda Ahal Teke şertnamasyny baglaşýar. Şertnama laýyklykda birnäçe Türkmen obalary Eýran täze araçäginiň içinde galmaly bolýar. Ýagny öňden bäri ýaşap gelýän Türkmenleriň bir bölegi indi Eýranyň täze çäginde galmaly bolýar. Aradan ýyllar geçse-de, başga bir döwletiň gol astynda bolsa-da Eýran Türkmenleri milliliklerini bize garanda has ýakyndan agzybirlik içinde gorap gelýärler.
Eýran Türkmenleri aýratyn döwlet gurmak üçin hem birnäçe gozgalaň gurnadylar. Bularyň biri-de 1920-nji ýyllarda ýüze çykdy we 1924-nji ýylyň 20-nji maýynda Eýrandan aýrylyp özlerini aýratyn döwlet diýip yglan etýärler. Täze Garaşsyz Türkmen respublikasynyň baştutany hökmünde Osman Ahun saýlanýar hat-da wajyp meseleleri görüşmek, maslahatlaşmak üçin Aksakgallar mejlisi döredilýär. Eýran Türkmenleri diňe özüne degişli Türkmensahranyň topraklarynyň garaşsyzlygyny yglan etdiler emma Eýran döwleti tarapyndan 1925-nji ýylynda herekete geçen goşunyň hötdesinden gelip bilmän iki ýyl içinde boýun egýärler we resmi ýagdaýda Eýrana degişli welaýat bolýar.
Türkmen gozgalaňlarynyň basdyryldygy döwürde, 31 oktýabr 1925-nji ýylda bäşinji mejlis Ahmet Şahy Eýran tagtyndan ýykyp ýerine Ryza Hany geçirerler. Mundan soňra Türkmenler bilen bilelikde bir hatarda Eýranda ýaşaýan Azeri Türkmenleri üçin hem kyn dönwür başlaýar. Ryza hanyň tagta gelmegi bilen 1925-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz Türkmen döwletiniň lideri Osman Ahun we bir näçe taýpa liderleri Türkmensährany terk edip Türkmenistan topraklaryna geçmeli bolýarlar we munuň bilen bilelikde ähli gozgalaňlar ýatyrylýar.
Ryza han tagta ornaşdykdan soňra beýle gozgalaň gaýtalanmazlygy üçin alada edip başlaýar. Ilki bilen ähli türkmen ýaraglaryny toplaýar. Türkmenleriň töweregine Eýran döwlet adamlaryny ýerleşdirýär. Halkyň parslaşmagy üçin okuwlar mejbury parsça bolýar. Ryza han gadaganlyklary soňy bilen has artyp milli eşik geýmäni, gök çaý içmäne çenli gadagan etýär.
Şu günki günde Eýranda 3 milýondan gowurak Türkmen ýaşap Eýran döwleti häzire çenli birleşmezligine garşy her dürli ýollary barladylar. Aralaryna başga millet adamlary göçürdüler, Şäherleriniň adyny üýtgetdiler emma muňa garamazdan bu gün Eýran Mejlisinde 3 Türkmen deputat ýer alýar we Türkmen haklaryny gorap gelýär.
Türkmensähra Türkmenleri ýyllar boýunça unudulup gelse-de 1991-nji ýylda ,, Dünýä Türkmenleriniň Ynsanperwer birleşiginde “ Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan ýatlanyp geçdi. Bilýän bolşuňyz ýaly biziň ussat şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem mazarlygy Eýranda ýerleşýär. Türkmen doganlarymyza ýalkymly salam ýollamak bilen men Hanoglu MEDIA
Şeýle wideolaryň dowamy üçin kanalyma agza bolmagy wideolaryma like goýmagy we teswir ýazmagy unutmaň. Siz muny etmek bilen Bir Türkmen YouTuberiniň ösmegine, internetde şeýle maglumatlaryň köpelmegine peýda edersiň. Ýeri näme dostlaryňyzy hem kanalyma çagyryp bilersiňiz.
instagram: @hanoglumedia biz bilen galyň. 30.03.19 23:12 ö.s.

wideo we edit: Hanoglu MEDİA
instagram: @hanoglumediaa
https://www.instagram.com/hanoglumediaa/

reklam we sponsorluk üçin:
babamyrats95@gmail.com

instagram: @bay_hangolu
https://www.instagram.com/bay_hanoglu/

Видео Eýran Türkmensahra Türkmenleri taryhy канала Hanoglu MEDİA
Показать
Комментарии отсутствуют
Введите заголовок:

Введите адрес ссылки:

Введите адрес видео с YouTube:

Зарегистрируйтесь или войдите с
Информация о видео
8 января 2022 г. 2:00:14
00:04:40
Яндекс.Метрика