Загрузка страницы

Aşgabat şäher häkimligi sanly hyzmatlar portalyny işe girizdi

Aşgabat şäher häkimligi «e.ashgabat.gov.tm» salgyda ýerleşýän sanly hyzmatlar portalynyň işini ýola goýdy. Indi ýurdumyzyň raýatlary bu onlaýn hyzmatlar arkaly gymmatly wagtlaryny tygşytlap, jemagat hyzmatlaryny ýagny, suw, zir-zibil, jaý jemagat hyzmatlary töleglerini onlaýn görnüşde töläp bilerler, bu barada Aşgabat şäher häkimliginiň web-saýty habar berýär.

Mundan başga-da, sanly hyzmatlar portalynyň üsti bilen zerur bolan güwänamalary hem onlaýn ýagdaýda sargyt edip bolýar. Saýtyň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ulanyjylar ýaşaýan ýeri boýunça degişli ýaşaýyş jaý ulanyş müdirligine baryp, şahsy otagyny döretmek üçin login we açar sözüni alyp, belletmelidir, çünki bu programma degişli edara-kärhanalar bilen maglumat kommunikasiýasy torlary arkaly arabaglanyşykda işleýär.

Portalyň Baş sahypasynda «Suw tölegi», «Güwänamalar», «Zir-zibil tölegi», «Jaý jemagat hyzmatlary» bölümleri ýerleşdirilendir. Gerekli amallary ýerine ýetirmek üçin ulanyjylar bu bölümlerde talap edilýän maglumatlary doly we dürs girizmelidir. Bölümlerde degişli tölegler amala aşyrylanda soralýan hasap belgisini almak üçin bolsa ulanyjy Aşgabatagyzsuw edarasyna barmalydyr. Ýeri gelende bellesek, şol hasap belgisini jemagat hyzmatlary tölegleriniň beýleki görnüşlerinde hem ulanyp bolýar. Geljekde bu hasap belgini web saýtyň özünde awtomatik usulda bermek hem meýilleşdirilýär.

Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin döredilen sanly hyzmatlar portalyny üç dilde hem ulanyp bolýanlygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu hyzmatlar portaly Aşgabat şäher häkimligine degişli ähli ýaşaýyş jaý müdirliklerini we paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny bir ýere jemleýän uly maglumat tory bolmak bilen, şäheriň ýaşaýjylary üçin hödürlenilýän hyzmatlary ýeňilleşdirmekde amatly çözgüt bolar. Ýakyn geljekde portalyň mümkinçiliklerini has hem giňeltmek we amala aşyrylýan hyzmatlaryň sanyny köpeltmek meýilleşdirilýär.

Видео Aşgabat şäher häkimligi sanly hyzmatlar portalyny işe girizdi канала TURKMENPORTAL
Показать
Комментарии отсутствуют
Введите заголовок:

Введите адрес ссылки:

Введите адрес видео с YouTube:

Зарегистрируйтесь или войдите с
Информация о видео
11 января 2023 г. 20:26:55
00:04:38
Другие видео канала
Новости дня | 17 июня | Turkmenportal.comНовости дня | 17 июня | Turkmenportal.comНовости дня | 13 марта | Turkmenportal.comНовости дня | 13 марта | Turkmenportal.comНовости дня | 6 апреля | Turkmenportal.comНовости дня | 6 апреля | Turkmenportal.comAşgabatda üstaşyr-ulag ulgamy boýunça halkara maslahat dowam edýär | Turkmenportal.comAşgabatda üstaşyr-ulag ulgamy boýunça halkara maslahat dowam edýär | Turkmenportal.comArkadag şäheriniň teatrynda «Älem nury» sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldyArkadag şäheriniň teatrynda «Älem nury» sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy"Turkish Airlines" bilen dünýä syýahat ediň!#turkishairlines"Turkish Airlines" bilen dünýä syýahat ediň!#turkishairlinesГлавные новости Туркменистана и мира на 20 июняГлавные новости Туркменистана и мира на 20 июняОлимпиада по русскому языку в очередной раз пройдет в Туркменистане #shorts #turkmenportalОлимпиада по русскому языку в очередной раз пройдет в Туркменистане #shorts #turkmenportalЗнакомые лица | Сохбет КасымовЗнакомые лица | Сохбет КасымовНовости дня | 27 марта | Turkmenportal.comНовости дня | 27 марта | Turkmenportal.comНовости дня | 17 марта | Turkmenportal.comНовости дня | 17 марта | Turkmenportal.comНовости дня | 23 июня | Turkmenportal.comНовости дня | 23 июня | Turkmenportal.comBilesiň gelýärmi | ilkinji aýnalar haçan döredildi?Bilesiň gelýärmi | ilkinji aýnalar haçan döredildi?Главные новости Туркменистана и мира на 24 апреляГлавные новости Туркменистана и мира на 24 апреляDöwletjan Ýagşymyradowyň nobatdaky ýeňişi (doly tutluşyk)Döwletjan Ýagşymyradowyň nobatdaky ýeňişi (doly tutluşyk)Новости дня | 22 марта | Turkmenportal.comНовости дня | 22 марта | Turkmenportal.comРесторан Ilatly принял участие в юбилейной выставке СППТ-2023Ресторан Ilatly принял участие в юбилейной выставке СППТ-2023Новости дня | 8 мая | Turkmenportal.comНовости дня | 8 мая | Turkmenportal.comFIFA-nyň prezidenti Janni Infantino Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy | Turkmenportal.comFIFA-nyň prezidenti Janni Infantino Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy | Turkmenportal.comНовости дня | 1 июня | Turkmenportal.comНовости дня | 1 июня | Turkmenportal.comСеть кондитерских Zyýat Hill #turkmenportal #shorts #turkmenistanСеть кондитерских Zyýat Hill #turkmenportal #shorts #turkmenistan
Яндекс.Метрика