Загрузка страницы

Kakam Gaýdyp Geler - Türkmen Film [1981] [Türkmen Dilinde]

Alty Garlyýew adyndaky "Turkmenfilm" kinostudiýasy.
1981-nji ýylda düşürülen bu film kakasynyň Ikinji Jahan Urşundan gaýdyp gelmegine garaşýan Bahar atly gyzyň hekaýasy barada gidýär. Bir oglan jigisi bolan Bahar, ejesi işine gidende ejesiniň özleriniň ýeke-täk sygyryndan sagyp goýup giden süýdüni aýlanyp töweregindäki öýlere satyp, maşgalany eklemegiň bir çäresine şeýle seredýärdi.
Emma bu söwdasynyň soňy şowly bolmaýar, haçan-da ýanyndan geçip barýan wagytlaýyn gospitalyň aýnasyndan urşda ýaralanan esgeriň Bahara gözi ilip bir käse süýt dileýänçä.
Ahmadulin bilen tanyşandan soň, Bahar hergünki satmaly süýdüni şol gospitaldaky esgerlere eltip berýär. Uzak wagtlap süýdüň pulunyň gelmändigine gözi ýeten Baharyň ejesi şübhelenip soraşdyryberse-de, Bahar ýalan sözläp gizläp gezýär.
Esgerler Bahary näçe kyn ýagdaýda goýmajak bolup, süýdüni almajak bolsa-da, ýa-da ýerine birzatlar berjek bolsa-da, Bahar jigisine gantdan başga hiçzat alanok.
Ahyr ejesi süýdiň puly gelmän soň gyzy bilen bile özi aýlanmagy kararlaşdyrýar. We hakykat açaçan bolýar. Ejesi bu hereketi buýsanç bilen garşylaýar.
Bu film asyl gahrymanyň hekaýasyna geçmezden öň, wakanyň ýer alýan Budýonnyý kolhozynyň 5 km ýakynyndaky bir obada bolup geçýän bir waka hödürlenýär.
Bu ýerde merkezden poçtadan hat we gazetleri getirmekden jogapkär aýal köwüşiniň ýyrtyklygy sebäpli, gyşyň sowugynda gaty daşa gitmäne el bermeýär.
Elbetde bu mesele obadakylar bilen gatnaşyklarynda işi kynlaşdyrýar. Ogly Merdany awansyna fermanyň soýulan malyndan et dilemäne iberende, ferma müdiri Tomma gazetler gelmese awans ýok diýýär. Muňa namys eden Merdanjyk ejesine duýdurman gazetleri getirmek üçin göni merkeze gidýär. Elbetde, geýen ejesinin aýakgabynyň gaýym bolmaýyşy sebapli aýagyny gowja aýazladýar.
Ahyr merkeze ýeterläberende güýjüni ýitirip emedekläp başlanda wokzalyň ýanynda duran, uruşdan bir aýagyny ýitirip ýaňyja gelen esgerin gözüne oglanjyk ilýär. Muny demirýolçy, Gurban, alyp poçtanyň binasyna, Nina-daýzanyn ýanyna getirýär. We ýylyjak geýindirip gyzgynjak içirip çalaja açylyşar ýagdaýa getirýärler. Uruşdan gelen esger, Muratguly, hem Merdanyň obasyndan bolan soň, raýkomyň maşyny bilen ikisi obalaryna gaýdýarlar.
Obasyna geleden gözüni açan Merdan Myratgulyny tanaýar, we onuň maşgalasyna gelendigi barada buşlap buşluguna çokaý aýakgap alýar. Çokaýlaryny geýip, gazetleri gelen badyna paýlaýar, we ilknji bolup Tommynyň gazetleriniň eltip berýär.
Bu ýerde gynandyryjy bir mesele, Tommy gazetleri okamany, epleşdirip, kiçiräjik edip ýyrtyp çilim ýasaýar. Uruş döwründe kakasy Watany goramana giden oglanjyga erbet endigi sebäpli azar berip, awans bermeýişi ýaly erbet häsiýetlerini aýalynyň hem halamaýandygyňy şu sahnada görmek mumkin.

Filmiň Direktory: Pirguly Ataýew
Sahnanyň awtorlary: Halmämmet Kakabaýew, Aleksandr Çernow
Filmi goýan režisýor: Halmämmet Kakabaýew
Filmi Goýan Operator: Öwez Welmyradow
Filmi Goýan Hudožnik: Selim Amangeldiýew
Kompozitor: Nury Halmämmedow
Ses Operatory: Ýusup Ýagmyrow
Režisyor: A.Çarygulyýew
Operator: B.Goçmyradow
Ýardamjy Režisyorlar: K.Annanow, Ç.Meredow
Ýardamjy Operatorlar: O. Kasymow, T.Tekemyradow
Redaktor: Habyp Guseýinow
Montažçy: Lidiýa Trýaşenko
Geýim hudožnigi: A.Obuhowa
Grimçi: E.Kormilisina
Kombinirlenen kadrlaryň operatory: B.Goçmyradow
Kombinirlenen kadrlaryň hudožnigi: S.Amangeldiýew
Ýolbaşçy topar: Y.Sagirow, R.Taňrygulyýew, B.Gurbanow, T.Artykow

Rollarda:

Bahar: Gülnar Babaýewa
Merdan: Gurban Ataýew
Ahmadulin: Ý.Ilýanow
Suren: K.Jangirow
Nikolaý: A.Wdowin
Baharyň ejesi: Maýa Aýmedowa
Nina daýza: W.Lewina
Gülnabat: Ý.Garaýewa
Serdar: G.Annaýew
Aman: B.Jumageldiýew
Serhen-aga: A. Durdyýew
Tommy: M.Berdiýew
Sona Myradowna: G.Kerimowa
Demirýolçy: P.Ylýasow
Esger: Ç.Işangulyýew

Epizotlarda: A.Döwletow, E Allanowa, K.Amangeldiýew, O. Annamyradowa, H.Nyýazow, N.Gutlyýewa, G.Abramow, G.Samedowa, O.Hannyýewa, A. Bäşimowa, A.Halmämmedow, H.Hajymyradowa, I.Şkurýa, A.Pawlin, A. Konstantinow, W.Muhammedow, M.Aýdogdyýew

Видео Kakam Gaýdyp Geler - Türkmen Film [1981] [Türkmen Dilinde] канала E-Mekdep Sahypsy
Показать
Комментарии отсутствуют
Введите заголовок:

Введите адрес ссылки:

Введите адрес видео с YouTube:

Зарегистрируйтесь или войдите с
Информация о видео
7 августа 2013 г. 8:20:50
01:17:47
Яндекс.Метрика