Загрузка страницы

Ol bir legend – Altymyrat Orazdurdyýew | Muny Bilmek Gyzykly #2

Ol bir sportsmen. Ol bir dünýä çempiony. Ol bir legend.

Ol watan ogly - Altymyrat Orazdurdyýew.

Muny bilmek gyzykly wideo programmamyzyň şu sanynda size, Altymyrat Orazdurdyýewiň durmuş hekaýasyny ýetirýäris.

Her bir türkmen sport hakda piker etse ony ýatlaman geçip bilmese gerek. Altymyrat ýa-da lakamy bilen aýtsak “Altyşka”, 1969-njy ýylyň 16-njy iýunynda Mary welaýatanyň Sakarçäge etrabynda eneden bolýar. Maşgalanyň bäş oglunyň biri. Ol kiçi ýaşdan agalarynyň ugrukdyrmagy arkaly sport bilen meşgullanmaga başlaýar. Deň-duşlarynyň arasyndan saýlanyp ugran Altymyrat, Aşgabat şäherindäki “Dinamo” toparynda Brono Abramýanyň tälimçiliginde agyr atletikanyň ştanga galdyrmak ugry boýunça türgenleşmäge başlaýar.

Belki-de özüniň dünýäň iň belli ştangaçylaryndan biri boljakdygyndan bihabar.

Ol türkmen döwlet sport we turizm institudyny tamamlaýar.Güýjüni barha artdyryp ugran Altymyradyň tälimçileri ony halkara ýaryşlara gatnaşdyrmagyň ýoluna çykýarlar. Ine şeýdibem Altymyradyň üstünliklere tarap syýahaty başlanýar. Ol, gatnaşan ýaryşlarynyň ählisinde diýen ýaly altyn medal almagy başarýar.

Altymyradyň ýiti ukybyny gören daşary ýurtly tälimçiler Altymyrada, eger öz ýurtlarynyň adyndan çykyş etse diýen zadyny berjekdiklerini aýdanlarynda, Altymyrat, ynamly hem kesgitli “Men diňe türkmeniň ýaşyl tugunyň astynda çykyş ederin” – diýipdir.
1992-nji ýylda Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilen tomusky Olimpik oýunlarda Birleşen toparynyň düzüminde çykyş etmäge hukuk gazanmagyna garamazdan ýygyndyň baş tälimçisi Wasiliý Alekseýew oňa çykyş etmäne rugsat bermeýär.

Bu waka onuň dünýä çempiony bolmagyna päsgel berip bilmeýär. Altyşka 1992-nji ýylda bu ugurda dünýä rekordsmeni diýlen ada mynasyp bolýar we türkmeniň güýjüni dünýä jar edýär.

Altymyradyň gazanan üstünlikleri şeýle;

Dünýä çempionatlarynda, 1989-nji ýylda Afina şäherinde 75 kg agram bilen altyn medal.

1990-njy ýylda Budapeşt şäherinde 82,5 kg agram bilen altyn medal.

1993-nji ýylda Melburn şäherinde 76 kg agram bilen altyn medal.

Ýewropa çempionatlarynda, 1989-njy ýylda Afina şäherinde 75 kg agram bilen altyn medal.
1990-njy ýylda Aalborg şäherinde 82,5 kg agram bilen altyn medal.
1991-nji ýylda Wladyslawowo şäherinde 82,5 kg agram bilen altyn medal.
Aziýa çempionatynda, 1994-nji ýylda Hirosima şäherinde 70 kg agram bilen altyn medal.
1988-nji ýylda Samarkant şäherinde Kubok SSSR ýaryşynda 75 kg agram bilen altyn medal.
1992-nji ýylda Sankt-Peterburg şäherinde GDA döwletleriniň agyr atletika çempionatynda 75 kg agram bilen altyn medal.
Altyşka 1988-nji ýyldan 1994-nji ýyla çenli 6 ýylyň dowamynda jemi 9 sany altyn medal gazanýar.Emma gynansagam Altymyradyň ömri gysga bolýar. Ol 1997-nji ýylyň 7-nji martynda, heniz 27-di ýaşyndaka böwrek keseli zerarly Aşgabat şäherinde bu ýagty jahan bilen hoşlaşýar. Ol şeýle gysga ömre diýsen uly üstünlikler sygdyrmagy başaran merdana türkmen ýigidi.
Wideo programmamyzyň bu sanynda milli buýsanjymyz Altymyrat Orazdudyýewiň durmuş hekaýasyny size ýetirdik.
Wideomyzy halan bolsaňyz aşakdan like-a basmagy, we kanalymyzy yzarlamagy ýatdan çykarmaň.

Видео Ol bir legend – Altymyrat Orazdurdyýew | Muny Bilmek Gyzykly #2 канала Penjire
Показать
Комментарии отсутствуют
Введите заголовок:

Введите адрес ссылки:

Введите адрес видео с YouTube:

Зарегистрируйтесь или войдите с
Информация о видео
8 ноября 2017 г. 21:51:41
00:04:11
Яндекс.Метрика